Sendaý şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýanyň imperatory bilen resmi duşuşygy boldy

07:2314.03.2015
0
3053

Aşgabat, 14.03.2015. “Türkmenportal”.

13-nji martda Sendaý şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň Imperatory Akihito bilen resmi duşuşygy boldy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we Imperator Akihito mähirli görşenlerinden soň, döwletara gatnaşyklarynyň okgunly ösýändigini kanagatlanmak bilen bellediler. Şol gatnaşyklar soňky ýyllarda taraplaryň erk-islegine daýanyp, hil taýdan täze derejä çykdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli kabul edendigi üçin Imperator Akihito tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen ilkibaşdan deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak esasynda guralýan däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklarynyň berkidilmegine uly üns berýändigini belledi.

Ynanyşmak ýagdaýynda geçen duşuşygyň barşynda köpugurly kuwwata eýe bolan türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň geljegi hakynda pikir alşyldy. Halkara giňişliginde, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellenildi. Şonda Türkmenistan we Ýaponiýa häzirki zamanyň esasy meselelerini, ozaly bilen sebitde we dünýäde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmak, durnukly ösüşi üpjün etmek bilen bagly meseleleri işläp düzmek boýunça umumy tagallalara işjeň gatnaşýarlar. Bu babatda Sendaý şäherinde açylýan BMG-niň Bütindünýä maslahatynyň ähmiýeti bellenildi.

Söhbetdeşligiň çäklerinde söwda-ykdysady ulgamda özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Türkmenistanyň  Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Imperator Akihito döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz we möhüm bölegi bolan medeni-gumanitar gatnaşyklary has-da berkitmek we baýlaşdyrmak barada pikirlerini beýan etdiler.

Türkmenistanyň  Prezidenti we Ýaponiýanyň Imperatory duşuşygyň ahyrynda türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň geljekde hem üstünlikli ösdürilip, täze mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler we iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň