Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen talyplary NCUMC-2022 matematika olimpiadasynda ýokary netijeni görkezdiler

10:3406.05.2022
0
13611

Sankt-Peterburgyň informasiýa tehnologiýalary, mehanika we optika milli barlaglar uniwersitetinde (ITMO Uniwersiteti) geçirilen Demirgazyk ýurtlaryň uniwersitetleriniň VIII Matematika olimpiadasynda (NCUMC-2022) türkmen talyplary üstünlikli çykyş etmegi başardylar.

«Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynyň habar bermegine görä, NCUMC-2022 matematika olimpiadasynyň şahsy bäsleşiklerde 31 ýeňiji kesgitlenildi. Olaryň 15-si türkmenistanly talyplar.

NCUMC-2022 olimpiadasynda ýeňiji bolan türkmen talyplarynyň atlaryny belläp geçsek ýerlikli bolar:

  • Birinji orna mynasyp bolan talyplardan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden – Merdangeldi Baýramow, Akmuhammet Akmyradow, Sähragül Garlyýewa, Salyhbek Döwletmyradow, Röwşen Öwezmyradow, Söhbet Maksadow we Eziz Saparow, şeýle-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary – Oguldöndi Gulyýewa, Döwlet Rozyýew, Aýgül Begenjewa, Aýmaral Ýazmyradowa, Kuwwatmämmet Hajyýew we Akja Potdyýewa, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyndan Muhammet Annaýew we Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalary uniwersitetinden Döwran Myradow dagy bar.
  • Ikinji orunlaryň 32-sine we 16 üçünji ýere ýokarda ady agzalan ýokary okuw mekdepleriniň, şeýle hem Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyplary mynasyp boldular.

Toparlaýyn bäsleşiklerde jemi 2 sany birinji, 1 sany ikinji we 1 sany üçünji ýerler bellenildi. Ikinji orun Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplar toparyna berildi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň