Soňky habarlar

Arhiw

Lebapdaky zawodda sementiň täze görnüşi öndüriler

10:1506.05.2022
0
1351

Lebap sement zawodynyň täze tapgyrynda ozalky tapgyrdan tapawutlylykda möhüm gurluşyk serişdeleriniň S-600 görnüşini hem öndürmäge mümkinçilik berer. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berdi.

Neşiriň ýazyşy ýaly, şu günler Köýtendag etrabynyň çäginde zawodyň ikinji tapgyrynyň gurluşygy güýçli depginde dowam edýär. Mälim bolşy ýaly, ýokary kuwwata eýe bolan zawodyň täze tapgyrynyň gurluşygy «Türkmen enjam» hojalyk jemgyýeti tarapyndan alnyp barylýar.

650-den gowrak işgär işleýär

Zawodyň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna 2020-nji ýylyň tomsunda badalga berlipdi. Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi kuwwatly kärhananyň gurluşygynyň buýrujysydyr. Şu günler gurluşykda hünärmenleriň 650-den gowragy işleýär. Olaryň we döwrebap tehnikalaryň güýji birleşip, ýurdumyzda ýene bir kuwwatly senagat kärhanasy — sement zawody ulanmaga berler. Işleýänleriň arasynda bu ugurda baý tejribesi bolan kompaniýalaryň wekilleri hem bar.

Her gün 3 müň tonna önüm öndürer

Sement — gurluşyk üçin iň zerur serişdeleriň biri. Köýtendagdaky zawodda eýýäm ençeme ýyl bäri bu möhüm gurluşyk serişdesiniň her ýyl ýüz müňlerçe tonnasy öndürilip, içerki we daşarky bazarlara ugradylýar. Täze tapgyryň umumy kuwwaty ýylda 1 million tonna sementi öndürmäge mümkinçilik berer. Bu bir gije-gündiziň dowamynda 3 müň tonna çenli önüm öndürip boljakdygyny görkezýär.

Eger zawodyň birinji tapgyrynda portland sementiniň S-400 we S-500 görnüşleri öndürilip, sarp edijilere ýetirilen bolsa, täze tapgyrda has ýokary hilli S-600 görnüşli sementiň hem önümçiligi ýola goýlar. Önümler dünýäniň we ýurdumyzyň standartlaryna doly laýyk geler.

Meşhur kompaniýalaryň enjamlary ornaşdyrylar

«Türkmen enjam» hojalyk jemgyýetiniň wekilleriniň gürrüň berşi ýaly, desgada Germaniýanyň, Türkiýäniň we beýleki Ýewropa döwletleriniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň döwrebap enjamlar toplumlary oturdylyp, işleriň agramly bölegi awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň kömegi bilen alnyp barlar.

Şeýle iri gurluşygyň amala aşyrylmagy ýerli ýaşaýjylaryň iş bilen üpjünçiliginde hem möhüm ähmiýete eýedir. Gurluşykda ýurdumyzyň dürli sebitlerinden gelen ildeşlerimiz bilen bir hatarda, Köýtendag etrabynyň ilaty hem zähmet çekýär. Bu ýerde amatly iş şertleri döredilipdir.

Gurluşykçylar kuwwatly kärhanany bellenen möhletinde ulanmaga tabşyrmak üçin gijesini gündiz edip zähmet çekýärler. Gurluşyk serişdeleriniň agramly böleginiň ýurdumyzyň şu sebitinden alynmagy bolsa olaryň işinde ep-esli ýeňillik döredýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň