Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda döwlet ders bäsleşigi geçirildi

18:1605.05.2022
0
2912

Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda şu ýylyň 3 — 5-nji maýy aralygynda birnäçe okuw dersleri boýunça döwlet bäsleşigi geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan döwlet ders bäsleşigine Aşgabat şäherinden we Ahal welaýatyndan gatnaşýan talyplar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, ýurduň beýleki welaýatlaryndaky orta hünär okuw mekdepleri bolsa göni wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.

Döwlet ders bäsleşigi Döwlet bäsleşiginiň Merkezi guramaçylyk toparynyň hem-de Döwlet bäsleşiginiň eminler toparynyň ýokary derejedäki guramaçylygy esasynda innowasion kompýuter we tehnologiýa enjamlary bilen üpjün edilen şertlerde ýola goýuldy. Döwlet bäsleşigi Türkmenistanyň jemgyýetçilik durmuşyny öwreniş, Türkmenistanyň kanunçylygy, Türkmenistanyň taryhy, Häzirki zaman kompýuter tehnologiýasy, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, sanly ykdysadyýet, rus dili, iňlis dili we matematika dersleri boýunça geçirilip, olardan matematika dersi boýunça 29 orta hünär okuw mekdebi, beýleki dersleriň bolsa ählisinden 42 orta hünär okuw mekdebinden talyplar gatnaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň