Türkmen bazarynda «Kuwwatly» haryt nyşanly buglanan sygyr eti ilata hödürlenýär

15:1005.05.2022
0
25614

Türkmenistanda hereket edýän azyk dükanlarynda «Kuwwatly» haryt nyşanly gaplanan sygyr eti ilata hödürlenýär. Täze önüm 425 gramlyk bankalara gaplanýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň resmi web saýtynda habar berlişi ýaly, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň çäginde ýerleşýän şöhlat önümleri kärhanasynda Ýewropanyň ösen tehnologiýaly enjamlary ornaşdyrylyp, bu ýerde bir günde ýokary hilli buglanan sygyr etiniň günde 100 kilogramy öndürilýär.

Telekeçi Nazar Durdyýewiň ýolbaşçylyk edýän kärhanasynda şöhlat önümleriniň gaýnadylan, ýarym kakadylan, büzmeçe, börek ýaly görnüşleri hem öndürilýär. Şöhlat önümçiliginden başga-da, bu ýerde «Elin» haryt nyşanly süýt we süýt önümleriniň öndürilip, alyjylara ýetirilýändigini bellemek gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň