Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekilini kabul etdi

22:0304.05.2022
0
7386

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili hanym Teri Hakalany kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Duşuşugyň dowamynda taraplar Türkmenistanda kanunçylygy, bilim ulgamyny, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny, oba we suw hojalygyny ösdürmek, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi boýunça halkara Konwensiýalaryň durmuşa geçirilmegi hem-de beýlekiler üstünlikli amala aşyrylan taslamalaryň hatarynda görkezdiler. Şeýle-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmek Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm ugurlarydygyny. Şol sanda bu gatnaşyklaryň özara düşünişmek we uzak möhletleýin gyzyklanmalara laýyk gelýän esasda mundan beýläk-de bilelikde işlemek üçin zerur binýat bolup durýandygyny bellediler.

Döwlet Baştutany Ýewropa Bileleşigi bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň ählumumy gyzyklanmalaryň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gönükdirilen daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi we bu saparyň Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidilmegine, netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler özara gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler. Taraplaryň gatnaşyklaryň täze, netijeli gurallaryny hem-de ugurlaryny gözlemäge, şeýle-de ony syýasy, ykdysady, ynsanperwer we ekologik ugurlar boýunça yzygiderli ösdürmäge gyzyklanmalary beýan edildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň sazlaşykly ösüşe eýe bolýandygyny, soňky ýyllarda onuň okgunly, netijeli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi hem-de Türkmenistanda 2019-njy ýylda Ýewropa Bileleşiginiň wekilhanasynyň resmi taýdan açylmagy bilen, özara gatnaşyklaryň sazlaşykly ösýändigini we onuň täze mazmun easynda üstüniň ýetirilýändigini nygtady.

Häzirki döwürde ÝB bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar hereket edýän ugurlaryň ählisinde, hususan-da, «Ýewropa Bileleşigi — Türkmenistan» bilelikdäki komitetiniň, parlamentara gatnaşyklaryň, adam hukuklary dialogynyň, daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky işjeň duşuşyklaryň we hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlarynyň çäklerinde netijeli ösdürilýär. Mundan başga-da, Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi sebitara derejede, şol sanda «Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa» dialogy boýunça hyzmatdaşlyk edýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda Ýewropa Bileleşigi bilen özara gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berilýändigini ýene-de bir ýola nygtap, taraplaryň hyzmatdaşlygyň geljekde-de berkidilmegine we ösdürilmegine bolan gyzyklanmalaryna kanagatlanma bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň