Soňky habarlar

Arhiw

“Aşgabat” kinoteatrynda “Nemes kinematografynyň altyn gaznasynyň” filmleriniň görkezilişi bolar

22:5213.03.2015
0
3914

Aşgabat, 13.03.2015. “Türkmenportal”.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy 16-njy martda 19.00-da “Aşgabat” kinoteatrynda Tomas Dregeriň gatnaşmagynda “Nemes kinematografynyň altyn gaznasynyň” filmleriniň görkezilişini geçirýär.

Tomas Dreger nemes kinematografynyň altyn asyrynyň meşhur filmleri barada gürrüň berer we tomaşaçylar bilen iň ýatda galyjy kinopursatlar barada pikir alşar. Şeýle hem T. Dreger öz surata düşüren “Metin” atly filmini tomaşaçylara hödürlär. Bu filmde geçen asyryň 70-nji ýyllarynda Germaniýadaky 6 ýaşly türk oglanjygynyň durmuşyndan söhbet açylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň