Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguz welaýatynda 500 tonna pile taýýarlamak meýilleşdirilýär

17:1304.05.2022
0
3898

Daşoguz welaýatynda şu ýyl 500 tonna pile taýýarlamak meýilleşdirilýär. Ýerli kärendeçiler dokma senagaty üçin gymmatly çig mal bolan piläniň ýokary hasylyny almak üçin ýüpek gurçuklaryny iýmitlendirmäge girişdiler. Tebigy şertlere görä welaýatda bu jogapkärli işe beýleki sebitlere garanyňda giç başlandy.

«Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynyň habar bermegine görä, pile öndürmäge 12,500-den gowrak kärendeçi gatnaşýar.

Welaýatyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynda 184 tonna pile öndürmek meýilleşdirilýär, Görogly we Gurbansoltan eje adyndaky etraplar bolsa 80 tonna pile tabşyrmak göz öňünde tutuldy.

Daşoguz welaýaty ähli gerekli şertlere baý bolup, şol sanda ýüpekçiligi yzygiderli ösdürmekde hem ýeterlik çig malyň bardygyny bellemek gerek. Çeşmäniň habar bermegine görä, şu günki gün sebitde umumy meýdany iki müň gektardan gowrak ýerde pile öndürmekde gerekli bolan tutlara ýokary derejede ideg edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň