Arhiw

«Turkish Airlines»- indiki uçuşynyň senesini mälim etdi, Türkmenistanda ýene-de 5 sany metjit peýda bolar, Döwlet daşary ykdysady iş banky hususy pudagy daşary ýurt walýutasynda maliýeleşdirmek üçin arzalary kabul edýär we beýleki täzelikler

09:5304.05.2022
0
40149

1. Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça «Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň nobatdaky ýörite uçuşy 15-nji maýa meýilleşdirildi. Mundan başga-da, türk howa ýollarynyň Aşgabatdan Stambula ýene-de bir uçuşy 11-nji maýda amala aşyrylar.

2. Änew, Hazar, Şatlyk şäherlerinde we Ruhubelent, Döwletli etraplarynda metjitler we sadaka jaýlary gurlar. Şeýlelikde, Türkmenistanyň her welaýatynda ýene-de bir metjit peýda bolar.

3. Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky hususy pudagyň eksporta niýetlenen önümçilik ugurly taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin bäsleşik yglan edýär. Häzirki wagtda Halkara Yslam korporasiýasynyň (ITFC) söwdany maliýeleşdirmek boýunça serişdeleriniň hasabyna Türkmenistandan eksporta niýetlenen harytlary öndürmek üçin çig mallary we maddy serişdeleri daşary ýurt pulunda satyn almagy maliýeleşdirmek üçin arzalary kabul edýär. Iň ýokary möçberi – 5 000 000 amerikan dollary.

4. «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy domen üçin korporatiw poçta hyzmatyny hödürleýändigini habar berýär. Korporatiw poçtada kompaniýanyň adyny, işgäriň adyny we familiýasyny ýa-da islendik sözi ulanyp bolýar. Korporatiw poçtany domen bilen hasaba alanyňyzdan soň, edara-kärhananyň her bir işgäriniň öz salgysy bolmagy üçin çäklendirilmedik poçta bukjalaryny döredip bilersiňiz.

5. Lebap welaýatynyň Taryhy-ülkäni öwreniş muzeýinde Beýik Ýeňiş gününe bagyşlanan «Watan gahrymanlary baky ýaşaýar» atly sergi açyldy. Sergide hödürlenen esbaplaryň hatarynda frontdan iberilen hatlar, uruş ýyllarynda neşir edilen gazetleriň nusgalary, söweş hereketleriniň geçen ýerleriniň ülňüleri bolan kartalar, şol ýyllaryň esgerleriniň gündelik ulanan esbaplary, meýdan telefonlary, fotoapparatlar, ordenler we medallar bar.

6. Dubaýda her ýylda geçirilýän Dubai Food Festival gastronomlar festiwaly badalga aldy. Iki hepdeläp dowam etjek çärä 40 töweregi restoran gatnaşar. Gastronomiki syýahatyň barşynda myhmanlara belli baş-aşpezleriň ýerine ýetirmeginde tagamlar taýýarlanylar, adaty bolmadyk tejribeler ediler.

7. Microsoft-yň esaslandyryjysy we işewür Bill Geýts täze pandemiýalary çaklap hem-de ýüze çykaryp biljek guramany döretmegiň zerurdygyny belledi. Milliarderiň bellemegine görä, bu gurama dürli ugurdaky hünärmenlerden —epidemiologlardan başlap, tehnologiýalary işläp düzüjilere çenli hünärmenlerden ybarat bolmaly.
https://turkmenportal.com/blog/46799/bill-geits-predlozhil-sozdat-organizaciyu-po-predskazaniyu-novyh-pandemii

8. Gresiýanyň Iraklion şäherinde 20 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda agyr atletika boýunça dünýä çempionaty badalga aldy. Bu ýaryşlar 2-10-njy maý aralygynda geçiriler. Dünýäniň birinjiliginde Türkmenistanyň ýygyndysyna 8 sany türgen wekilçilik edýär.

9. «Türkmenistan sport» döwlet teleýaýlymy Ýewropanyň öňdebaryjy futbol klublarynyň duşuşyklaryny göni ýaýlymda görkezmegini dowam edýär. Şu hepdede teletomaşaçylara Italiýanyň çempionlygy ugrundaky ýaryşyň netijesi belli bolar hem-de «Wanda Metropolitano» stadionynda madrid klublarynyň derbisi geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň