Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmentelekom» domen üçin korporatiw poçta hyzmatyny hödürleýär

20:5503.05.2022
0
13306
«Türkmentelekom» domen üçin korporatiw poçta hyzmatyny hödürleýär

«Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy resmi saýtynda domen üçin korporatiw poçta hyzmatyny hödürleýändigini habar berýär.

Hyzmatyň esasynda korporatiw poçta döretmek üçin salgylanmadaky anketany doldurmak gerek bolýar. Korporatiw poçtada kärhananyň adyny, hünärmeniň adyny ýa-da familiýasyny, şeýle-de islendik bir sözi ulanmak bolýar.

Korporatiw poçtada ulanyja web sahypasyny döretmek hökmany däldir, ol munuň üçin «Türkmen domen» hojalyk jemgyýetinde hasaba alnyp biler. Täze hödürlenilýän korporatiw poçta kärhananyň adatça onuň saýty bilen adybir domen adynda işleýär. Domen — bu internetdäki salgy bolup, mysal üçin turkmenportal.com ýa-da telecom.tm ýaly bolup biler.

Korporatiw poçta hasaba alnandan soň, kärhananyň her bir hünärmeniniň özbaşdak salgysy bolar ýaly ulanyjylar ummasyz mukdarda bukjalary döredip bilerler. Bukjalaryň sanyny bolsa isledigiňçe artdyrmak bolýar.

Korporatiw poçta — bu ulanyjynyň elektron hatlara bolan ynamyny ýokarlandyrmagyň özboluşly usullarynyň biri. Korporatiw poçtany döretmäge wagty we serişdeleri sarp etmek bilen, işewürligiňize uly goşant goşarsyňyz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň