Soňky habarlar

Arhiw

Anna güni 13-i: hiç hili sanlar adam ykbalyny kesgitläp bilmez

14:1113.03.2015
0
3127

 Aşgabat, 13.03.2015. “Türkmenportal”.

Köp ýurtlarda yrymçyl adamlar anna güni aýyň 13-ne düşse, birhili howatyrlanýarlar. Olar nämüçindir şol gün gowulykdan başga zada garaşýarlar we haýyr işiň başyny tutmazlyga çalyşýarlar.

Käbir bu ýagdaýy öwrenijiler bu yrymyň gadymy geçmiş bilen däl-de, soňky döwürler bilen baglydygyny aýdýarlar. Anna gününiň 13-i baradaky ýatlamalar 1907-nji ýyldan soň ýüze çykypdyr diýlip hasap edilýär.

Yrymyň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagy şol ýyl Tomas Lousonyň “On üçi gününiň annasy” romanynyň çap edilmegi bilen baglanyşyklydyr. Eserde ynsabyny ýitiren söwda işgäri barada gürrüň berilýär. Ol Uoll-stritde anna gününiň 13-nde geçirilen gazna biržasynda galagopluk döretmek üçin yrymçyllyga ýüz urdy.

Muňa garamazdan, Italiýanyň we Hytaýyň medeniýetinde 13-lik bagtyýarlygyň sany hasaplanylýar.

Dollarlyk pulda hem piramidadaky 13 basgançak bürgüdiň kellesiniň üstünde 13 ýyldyz ýerleşdirilipdir, bürgüt penjelerinde ýaýyň 13 oky zeýtun pudagynda bolsa 13 ýaprak bar.

Küştçi Garri Kasparow 13-ligi elmydama bagtly san hasaplaýar, ol ýaryşlardaky on üçünji döwi elmydama hüjümde geçirdi. 1985-nji ýylda bolsa hut şol günde dünýä çempionlygy ugrundaky duşuşykda 13:11 hasabynda Anatoliý Karpowdan üstün çykdy we küşt boýunça on üçünji dünýä çempiony boldy.

Nemes futbolçysy Mihail Ballak köp ýyllaryň dowamynda öz klubunda we milli ýygyndyda 13-nji belgide çykyş etdi.

Ispan we portugal derwezeçileri anna gününiň 13-ni ýüzüşe gitmek üçin iňňän amatly gün hasaplaýarlar. Munuň özi Hristofor Kolumbyň heniz nämälim bolan Amerikanyň kenarlaryna amala aşyran taryhy ýüzüşleriniň hem hut annada amala aşyrylandygy bilen düşündirilýär.

Hünärmenler yrymçyllykdan el çekip, anna gününiň 13-ni ýagşy niýetler bilen kabul etmäge çagyrýarlar.         

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň