Soňky habarlar

Arhiw

6-8-nji maý aralygynda Aşgabatdaky teatrlarda 20-ä golaý sahna eserleri görkeziler

16:0003.05.2022
0
1324

Şu ýylyň 6-8-nji maýy aralygynda Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin paýtagtda hereket edýän teatrlaryň sahnalarynda 20-ä golaý sahna eserleri görkeziler.

Sahna eserlerine tomaşa etmäge gelýän raýatlara arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek, şeýle-de agyz-burun örtüklerini talabalaýyk dakynmak ýatladylýar.

Teatrlaryň administrasiýalarynyň «Turkmenportal» web saýtymyza habar bermegine görä şu hepdäniň ahyrynda görkeziljek sahna eserleriniň tertibi, şu aşakda görkezilenlerden ybarat:

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatry:

  • 6-njy maý: «Ependi ýa-da gülkünç goňşy» 19:00;
  • 7-nji maý: «Söýgide serhet bolmaýar» 19:00;
  • 8-nji maý: «Gülki agşamy» 19:00.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatry:

  • 6-njy maý: «Aýdym-sazly gülki agşamy» 19:00;
  • 7-nji maý: «Aýdym-sazly gülki agşamy» 19:00;
  • 8-nji maý: «Aýdym-sazly gülki agşamy» 19:00.

A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatry:

  • 6-njy maý: «Hanuma» 19:00;
  • 7-nji maý: «Üç jojujak we çal möjek» 13:00;
  • 7-nji maý: «Bezemen geýnen ýigit» 19:00;
  • 8-nji maý: «Kör garga» 13:00;
  • 8-nji maý: «Biz hökman duşuşarys» 19:00.

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry:

  • 6-njy maý: «Alty gelin» 19:00;
  • 7-nji maý: «Lukman gelinlik» (Oýun ilkinji gezek görkezilýär) 19:00;
  • 8-nji maý: «Geliň, gülşeliň!» 19:00.

Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatry:

  • 6-njy maý: «Oýun bir, maza iki» 19:00;
  • 7-nji maý: «Çynymy aýtsam» 19:00;
  • 8-nji maý: «Gülki agşamy» 19:00.

Bellik: Teatr sahnalarynda görkeziljek oýunlara tomaşa etmek üçin petekleri teatrlaryň kassalarynda satyn alyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň