Rahat Japarowyň «Abdyş-Atada» gol geçirtmedik duşuşyklarynyň sany dörde çykdy

23:5402.05.2022
0
4619
Rahat Japarowyň «Abdyş-Atada» gol geçirtmedik duşuşyklarynyň sany dörde çykdy

Türkmenistanly derwezeçi Rahat Japarow «Abdyş-Atanyň» düzüminde Gyrgyzystanyň futbol çemionatynyň 8-nji tapgyrynda «Ilbirs» bilen geçirilen duşuşyga gatnaşdy. Ol başlangyç düzümde meýdana çykdy we 90 minudyň dowamynda derwezesini juda sak gorady.

Duşuşyk Kant şäherine wekilçilik edýän toparyň 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Şeýlelikde, 26 ýaşly ildeşimiz çempionatyň şu möwsümde eýýäm dördünji duşuşygynda derwezesinden pökgi geçirtmedi. Ýeri gelende aýtsak, ol 7 duşuşykda derwezäni gorap, bary-ýogy 4 pökgi geçirtdi.

«Abdyş-Ata» toplan 16 utugy bilen ýaryş tertibinde birinji orny eýeleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň