Soňky habarlar

Arhiw

BSGG-niň Türkmenistandaky edarasynyň ýolbaşçysy ýurtda öňüni alyş sanjymlarynyň geçirilişine ýokary baha berdi

12:5130.04.2022
0
1644
BSGG-niň Türkmenistandaky edarasynyň ýolbaşçysy ýurtda öňüni alyş sanjymlarynyň geçirilişine ýokary baha berdi
Surat: Turkmenmetbugat

Düýn Aşgabatdaky Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde Ýewropa immunizasiýa hepdeligi mynasybetli geçirilen maslahata gatnaşyjy ― BSGG-niň Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Ýegor Zaýsew Türkmenistanda öňüni alyş sanjymlarynyň geçirilişine ýokary baha berdi.

— Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň başlangyjy esasynda şu ýylyň 24 — 30-njy aprelinde Ýewropa immunizasiýa hepdeligi geçirilýär. Bu hepdelik diňe bir BSGG-niň Ýewropa sebiti üçin däl, eýsem, tutuş dünýä derejesinde-de, her bir ýurt, şol sanda Türkmenistan üçinem uly ähmiýete eýedir. Aslynda, immunizasiýa jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamyna täsir etmek we sarp ediş babatda iň netijeli usuldyr. Immunizasiýa syýasaty adamlaryň ömrüni halas etmäge, olaryň durmuş ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga ýardam berýär. Bu ugurda yzygiderli işleriň alnyp barylmagy saglygy goraýyş ulgamynda örän ýokary netijeleri gazanmaga şert döredýär.

Köp ýyllardan bäri ylma belli bolan, hakykatdan-da, täsir etmäge ukyply sanjymlar bar. Degişlilikde, her bir çaga şolaryň mümkinçiliginden peýdalanmaga borçludyr. Sebäbi sanjym tertipnamasyny ýerine ýetirmek bilen bagly işleriň depgini gowşadylanda, köp ýurtlarda ýaýramagyna ozaldan gözegçilik edilýän käbir keselleriň ýüze çykmak howpy ýokarlanýar. Elbetde, ylym bir ýerde durmaýar. Şoňa görä-de, öňüni alyş sanjymlarynyň täze görnüşleri hem döreýär. Muňa mysal hökmünde adamyň papilloma wirusyna garşy sanjymlary görkezmek bolar. Bu wirusyň onkogen görnüşi ýatgynyň boýunjygynyň aýratyn howply onkologiýasy keselini döredýär. Şoňa görä-de, haçan oňa garşy öňüni alyş sanjymy edilende, aýallardyr gyzjagazlaryň geljegini, ömrüni goramaga mümkinçilik alýarys. Immunizasiýa netijesinde häzirki wagtda dünýäniň käbir ýurtlarynda ýokanjyň bu görnüşi bilen kesellemegiň derejesi görnetin peseldildi we şu maksada islendik döwletde-de ýetip bolar.

Gynansak-da, koronawirus keseliniň peýda bolmagy tutuş dünýä jemgyýetçiligini uly ynjalyksyzlanma goýdy. Muňa garamazdan, oňa garşy göreşmek üçin sanjymlaryň gysga wagtda oýlanyp tapylmagy begendiriji ýagdaýdyr. Çünki hut sanjymlar pandemiýanyň täsirini peseltmekde aýratyn ähmiýete eýe boldy. Beýleki öňüni alyş çäreleri bilen birlikde, koronawirusa garşy sanjymlaryň netijeli ulanylmagy adamlaryň, aýratyn-da, töwekgelçiligi ýokary toparyň wekilleriniň bu ýokanç bilen kesellemek howpuny azaltmaga mümkinçilik berdi. Munuň özi jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda gazanylan örän uly üstünlikdir.

Ýeri gelende bellesek, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasy Türkmenistanyň Hökümeti, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Biz Ýewropa Bileleşiginiň maliýeleşdirmeginde COVID-19 ýokanjy sebäpli dörän ýagdaýa garşy göreşmek çäreleri boýunça Merkezi Aziýa ýurtlary üçin bilelikdäki taslamany durmuşa geçirýäris. Onuň çäklerinde dürli ugurlarda koronawirusyň täsirlerine garşy göreşmek, şol sanda sanjymlaşdyrma babatda hem degişli işler alnyp barylýar. Türkmenistanda sanjymlaşdyrma boýunça çäreleriň göwnejaý ýola goýlandygyny nygtamak gerek. Şunda çagalara sanjym etmegiň ýokary derejesi hasaba alynýar, ilata koronawirus sanjymlaryny geçirmek işleri hem işjeň dowam etdirilýär. Munuň özi örän guwandyryjy ýagdaýdyr ― diýip, «Türkmenistan» gazeti onuň aýdanlaryny getirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň