Soňky habarlar

Arhiw

Bäherden tikin fabrigi paýdarlar jemgyýetine öwrüler

23:3229.04.2022
0
7414

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Prezident Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Hökümetiň nobatdaky iş maslahatynyň dowamynda Dokma senagaty ministrliginiň Bäherden tikin fabrigini döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, wise-premýer şu maksat bilen, Bäherden tikin fabrigi açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň esaslandyryjysy hökmünde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň 40 göterim hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Gerçek ýigit» hususy kärhanasynyň 60 göterim möçberli paýly gatnaşmagynyň teklip edilýändigini habar berdi.

Wise-premýeriň pikiriçe, bu taslamanyň amala aşyrylmagy önümleriň hilini gowulandyrmaga hem-de görnüşlerini giňeltmäge, olaryň içerki we daşarky bazarlarda ýerlenilmegini ýokarlandyrmaga, goşmaça iş orunlaryny döretmäge ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda, şol sanda dokma senagatynda durnukly ösüşiň üpjün edilýändigini belledi. Türkmenistany senagatlaşdyrmak we sanly ulgama geçirmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de daşary ýurtlara iberilýän önümleriň mukdaryny artdyrmak baradaky wezipeleriň wajypdygyny nygtap, döwlet Baştutany öndürilýän harytlaryň ýokary hil derejesine laýyk hem-de ekologik taýdan arassa bolmalydygyny aýtdy. Munuň üçin dokma kärhanalary ýokary tehnologiýaly öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilmelidir diýip belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň