Türkmenleriň “Ahalynyň” toparçasynda öňe saýlanan ýeke-täk topar belli boldy

16:5612.03.2015
0
3728

Aşgabat, 12.03.2015. “Türkmenportal”.

AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň ikinji tapgyryndan soň, Türkmenistanyň wise-çempiony we Kubogynyň iki gezek eýesi “Ahal” bilen “C” toparçada çykyş edýän Kuweýtiň “Al-Kadsiýasy” öňe saýlandy. Bu AFK-nyň Kubogynyň häzirki eýesi bolan Kuweýtiň topary bassyr ikinji ýeňşini gazananyndan soň belli boldy. Yrayň “Erbiliniň” derwezesinden ýeke-täk pökgini “Al-Kadsiýanyň” şweýsariýaly oýunçysy Daniel Subotiç geçirdi.

Şertli ýer eýesi “Erbil” bolan bu duşuşyk Kataryň paýtagty Dohada, “Abdulla Bin Halifa” stadionynda geçirildi.

Iki tapgyrdan soň “Al-Kadsiýa” (Kuweýt) 6 utuk toplady. Ikinji we üçünji orunlardaky “Erbil” (Yrak) bilen “Istiklolyň” (Täjigistan) hersiniň 3 utugy bar. Soňky orunda barýan “Ahalyň” heniz utugy ýok.   

                                                            D    Ý   D   U     P    U

1. «Al-Kadsiýa» (Kuweýt)                 2    2    0   0   3-0    6 

2. «Erbil» (Yrak)                                2    1    0   1   3-2    3

3. «Istiklol» (Täjigistan)                    2    1   0   1   3-4     3

4. «Ahal» (Türkmenistan)                  2    0   0    2   1-4   0

Galan oýunlaryň geçiş tertibi:

3-nji tapgyr

18-nji martda

«Al-Kadsiýa» (Kuweýt) – «Istiklol» (Täjigistan)

«Ahal» (Türkmenistan) – «Erbil» (Yrak)

4-nji tapgyr

15-nji aprelda

«Istiklol» (Täjigistan) – «Al-Kadsiýa» (Kuweýt)

«Erbil» (Yrak) – «Ahal» (Türkmenistan)

5-nji tapgyr

29-njy aprelda

«Erbil» (Yrak) – «Istiklol» (Täjigistan)

«Ahal» (Türkmenistan) – «Al-Kadsiýa» (Kuweýt)

6-njy tapgyr

13-nji  maýda

«Istiklol» (Täjigistan) – «Ahal» (Türkmenistan)

«Al-Kadsiýa» (Kuweýt) – «Erbil» (Yrak)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň