Serdar Berdimuhamedow Maliýe gözegçiligi gullugy hakynda Düzgünnamany tassyklady

23:0829.04.2022
0
6773

Şu gün geçirilen Minstrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti «Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Karara gol çekdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, resminama laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugy hakynda Düzgünnama tassyklanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň