Soňky habarlar

Arhiw

Şu gün Dünýä çempionaty — 2018-iň saýlama bölegi başlandy

14:2412.03.2015
0
2842

Aşgabat, 12.03.2015. “Türkmenportal”.

Şu gün resmi taýdan Dünýä çempionaty-2018-iň saýlama bölegi başlandy. Bu barada www.sovsport.ru. habar berýär.

Saýlama bölegiň ilkinji duşuşygynda (Aziýa futbol konfederasiýasy) Gündogar Timoryň ýygyndysy öz meýdançasynda Mongoliýanyň toparyny 4:1 hasabynda ýeňdi.

Şeýlelikde,  Aziýa futbol konfederasiýasy saýlama bölege ilkinji bolup girişdi.

“Açylyş gününde” pökginiň gelejekki geografiýasyny yzarlamakhem diýseň gyzykly. Dilidäki oýundan soň, duşuşygyň başlanýandygyny mälim edýän jürlewük sesi Pnompende (Kamboja-Butan), Kolomboda (Şri-Lanka-Butan), Gaosýunda (Taýwan-Bruneý), Guwahatide (Hindistan-Nepal) we Dohada (Ýemen-Pakistan) ýaňlanar.

 Futbol boýunça 2018-nji ýylyň dünýä çempionatynyň taryhynda ilkinji gezek FIFA-nyň agzasy bolup durýan 209 ýurduň ählisi saýlama duşuşyklaryna gatnaşjakdygyny mälim etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň