Soňky habarlar

Arhiw

Magtymguly adyndaky TDU-da «Açyk gapylar» günleri geçiriler

09:4729.04.2022
0
6486

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde 2022-nji ýylyň 7-nji we 14-nji maýynda «Açyk gapylar» günleri geçiriler.

«Açyk gapylar» günlerinde ýaşlar ýurtda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky özgertmeleriniň durmuşa geçirilişi, uniwersitetde taýýarlanylýan hünär ugurlary, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik we ylmy işler, talyplaryň ýokary derejede bilim almaklary üçin döredilen şertler, şeýle-de döwrebap ýokary tehnologiýalar, enjamlar bilen abzallaşdyrylan okuw otaglary, kitaphana, sport-sagaldyş toplumy we umumyýaşaýyş jaýlary bilen tanşyp bilerler.

Mundan başga-da, «Açyk gapylar» günlerinde ýokary okuw mekdebinde alnyp barylýan işler, uniwersitetiň taryhy bilen baglanyşykly wideoşekiller görkeziler. Ýokary okuw mekdebiniň aýdym-saz toparlarynyň çykyşy, şol sanda bu ýerde hereket edýän fakultetleriň mugallymlarydyr talyp ýaşlarynyň taýýarlan sergileri görkeziler.

  • «Açyk gapylar» günleri 15:00-da başlaýar.
  • Uniwersitetiň salgysy: Aşgabat şäheri Saparmyrat Türkmenbaşy ýolunyň 31-nji jaýy.
  • Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 94-67-30, 94-67-05.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň