Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 2024-nji ýylda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryna milli ýygyndy toparlary taýýarlamak boýunça guramaçylyk topary döredildi

23:5728.04.2022
0
6891

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Resminamasyna laýyklykda, 2024-nji ýylda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII Tomusky Olimpiýa we XVII Tomusky Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak boýunça guramaçylyk topary döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

2024-nji ýylda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII Tomusky Olimpiýa oýunlary şu ýylyň 26-njy iýulyndan 11-nji awgusty aralygynda geçiriler. XVII Tomusky Paralimpiýa oýunlary bolsa 28-nji awgustdan 8-nji sentýabr aralygynda geçiriler.

Fransiýanyň Pariž şäherinde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna sportuň 32 görnüşi girýär. Medallar ugrunda 306 ýaryş geçiriler.

Parižde Olimpiýa oýunlary üçünji gezek geçiriler. Mundan öň bu ýerde 1900-nji we 1924-nji ýylda geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň