Arhiw

Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalaryny Abu-Dabi şäherinde iş saparynda bolar

22:0428.04.2022
0
7297

Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalaryny 2022-nji ýylyň 29-30-njy aprelinde Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherine gulluk iş saparyna ibermek bellenildi. «Watan» habarlar gepleşiginiň habar bermegine görä, bu baradaky degişli Karara Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan şu gün gol çekildi.

Resminama laýyklykda, iş saparyň maksady Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň