Soňky habarlar

Arhiw

«Nasaf» AFK-nyň Çempionlar ligasynda pleý-off tapgyryna çykan Merkezi Aziýanyň ýeke-täk topary boldy

12:0028.04.2022
0
5186

Özbegistanyň «Nasaf» futbol topary AFK-nyň Çempionlar ligasynda Merkezi Aziýadan plef-off tapgyryna çykan ýeke-täk topar boldy. «Nasaf» ýaryşyň «E» toparçasynda ýaryşdy.

Gyrgyzystanyň «Sport.kg» saýty «Nasafyň» altynjy tapgyrda Iordaniýanyň «Al-Wehdat» topary bilen deňme-deň oýnandygyny (2:2) habar berdi. Şeýlelikde, topar alty duşuşykda 9 utuk toplap, toparçada ikinji orny eýeledi. Saud Arabystanynyň «Al-Faýsali» topary hem ýaryşy 9 utuk bilen tamamlady. Şeýle hem Kataryň «Al-Sadd» topary 7, Iordaniýanyň «Al-Wehdaty» 6 utuk bilen ýaryşy tamamlady.

«Nasaf» taryhynda ilkinji gezek AFK-nyň Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyryna çykdy. Ruzikul Berdiýewiň şägirtleri ýaryşy 1/8 finalynda Saud Arabystanynyň «Al-Şabab» topary bilen duşuşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň