Soňky habarlar

Arhiw

Özbegistanda Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan dabara geçirildi

13:3228.04.2022
0
4628

Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanyp Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Türkmen milli medeni merkeziniň bilelikde gurnamagynda Daşkent şäheriniň Magtymguly köçesinde ýerleşýän şahyryň ýadygärligine gül goýmak dabarasy we «Magtymgulynyň döredijiliginde türkmen we özbek halklarynyň dostluk nyşany» atly maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň «Turkmenportal» web saýtymyza habar bermegine görä, gül goýmak dabarasyna we maslahata Özbegistan Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Milletara gatnaşyklary we daşary ýurt döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklar komitetiniň wekilleri, Özbegistanyň Ýazyjylar birleşmesiniň agzalary, Daşkent şäher, Daşkent welaýat, Garagalpagystan we Kaşkaderýa welaýat Türkmen milli medeni merkeziniň ýolbaşçylary we agzalary, Özbegistanda bilim alýan türkmenistanly talyplar, türkmen diasporasynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Dabaranyň başynda Özbegistan Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Milletara gatnaşyklary we daşary ýurt döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklar komitetiniň ýolbaşçysy R.Kurbanow we Özbegistan Respublikasy boýunça Türkmen milli medeni merkeziniň ýolbaşçysy G.Öwezdurdyýewa çykyş etdiler.

Soňra Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ýa.Mämmedow çykyş etdi.

Dabaraly maslahatda Özbegistanyň Ýazyjylar birleşmesiniň başlygynyň orunbasary, şahyr G.Majid we Ýazyjylar birleşmesiniň agzasy, edebiýatşynas alym B.Karimow hem-de Garagalpagystan Türkmen milli medeni merkeziniň ýolbaşçysy R.Öwezow çykyş edip, Magtymguly Pyragynyň we kakasy Döwletmämmet Azadynyň döredijiliginiň Özbegistanda çuňňur öwrenilýändigini, olaryň döreden eserleriniň özbek diline terjime edilip, özbegistanly ýaşlara ýetirilýändigini nygtadylar.

Dabaraly maslahatyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň goşgylarynyň çeper okaýşy, medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti boldy.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylara Magtymguly Pyragynyň özbek diline täze terjime edilen 2 tomdan ybarat bolan goşgular ýygyndylary gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň