Soňky habarlar

Arhiw

Röwşen Muhadow «Ahalyň» AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky ahyrky duşuşygyndan soň pikirlerini paýlaşdy

23:5027.04.2022
0
5965

Arslanmyrat Amanowyň het-trik bilen ýyldyzlaşan duşuşygynda «Ahalyň» Kataryň «Al-Garafasyny» 4:2 hasabynda ýeňendigini ozal habar beripdik. Bu duşuşykdan soň geçirilen metbugat maslahatynda tälimçi Röwşen Muhadow, toparyň AÇL-daky ilkinji synagynyň ýeňiş bilen tamamlanmagyny gowulyga ýordy.

«Oýunçylarymy gutlaýaryn. Bu tejribe toplamak üçin diýseň gowy boldy. Oglanlar ýaryşyň bütin dowamynda gowy oýnadylar, mümkinçilik dörän pursatynda pökgi hem geçirdiler.

Esasy maksadymyz tejribe toplap kämilleşmekdi. Biz her bir oýny seljerdik, toparyň diňe şu ýaryşda nähili kämilleşendigini siz hem görensiňiz. Geljekde has gowy bolar. Ýaryşyň öňdäki möwsümlerinde has tejribeli «Ahaly» görüp bilersiňiz» diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" tälimçiniň aýdanlaryny getirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň