Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistan» awiakompaniýasy içerki howa gatnawlarynyň tertibini täzeledi, RF-niň Türkmenistandaky ilçihanasy maý aýy üçin iş tertibini yglan etdi, Türkmenistanda immunizasiýa hepdeligi geçirilýär we beýleki täzelikler

10:1028.04.2022
0
50164

1. 2022-nji ýylyň 5-nji maýyndan başlap, «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň içerki howa gatnawlarynyň tertibi üýtgediler. Täze tertibe Daşoguz-Türkmenbaşy-Daşoguz, Daşoguz-Mary-Daşoguz we Daşoguz-Türkmenabat-Daşoguz gatnawlary goşuldy. Howa gatnawlary hepdede bir gezek amala aşyrylar.

2. Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Konsullyk gullugy maý aýyndaky baýramçylyklar bilen baglylykda, iş tertibini üýtgeder. Şeýlelikde, Bahar we Zähmet baýramy mynasybetli, 30-njy aprelden 3-nji maý aralygynda, Ýeňiş güni mynasybetli bolsa, 7-nji 10-njy maý aralygynda konsullyk gullugy ýapyk bolar.

3. Türkmenistanda Ýewropa immunizasiýa-2022 hepdeligi geçirilýär. Onuň dowamynda tutuş ýurt boýunça immunizasiýanyň, şol sanda COVID-19-a garşy sanjymyň möhümligine bagyşlanan dürli çäreler geçiriler.

4. «Türkmenistan» awiakompaniýasy 29-njy aprelde Russiýadan öz raýatlaryny watanymyza getirmek üçin ýörite uçuşy amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Moskwadan Türkmenabada T5702 belgili uçuşy ýerli wagt bilen 17:00-da ýerine ýetiriler.

5. Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň türkmen alymlary ösümlikler üçin mikrobiologiki dökün işläp taýýarladylar. Munuň üçin toprakdan peýdaly mikrobedenler bölünip alyndy we olaryň tohumlarynyň esasynda gury we suwly biodökünler döredildi. Bu dökünleri topraga döküp, mineral dökünleri we zäherli himikatlary goşmazdan oňat hasyl almak mümkinçiligi artýar.

6. Belarus döwlet uniwersitetiniň iňlis dili boýunça geçiren bäsleşigine Türkmenistandan ýokary synp okuwçylary hem gatnaşdy. Olimpiada zehinli ýaşlary goldamak we dalaşgärleriň arasynda lingwistiki ylma höwesi artdyrmak maksady bilen geçirildi.

Dünýäde

1. ABŞ-da tekillanyň galyndylaryndan çig kerpiçleri taýýarlap başladylar. Bir litr tekilla öndürilende fermentasiýa hadysasynyň netijesinde bäş kilograma golaý galyndy galýar. Kerpiçleriň birinji tapgyry mekdep kitaphanasynyň gurluşygy üçin ulanylar.

2. Russiýanyň döwlet kitaphanasynda Elektron kitap muzeýiniň açylyşy geçirildi. Sergide birnäçe bölüm bolup, olarda maglumat göteriji ulgamlaryň ösüşiniň tapgyrlary görkezildi. 1928-nji ýylyň remington hat maşyny serginiň esasy görkezme esbaby boldy.

Sport täzelikleri

1. Çempionlar ligasynyň ýarym final tapgyrynyň birinji duşuşygynda «Liwerpul» «Willarealdan» üstün çykdy. Oýun «Enfild» stadionynda geçirilip, iňlis klubunyň 2:0 hasabynda ynamly ýeňşi bilen tamamlandy. Jogap duşuşygy 3-nji maýda Willarealda geçiriler.

2. «Ahalyň» ýarymgoragçysy Arslanmyrat Amanow Kataryň «Al-Garafa» kluby bilen duşuşygynda üç gol geçirip, AFK Çempionlar ligasynda het-trik etmegi başaran ilkinji türkmen futbolçysy boldy.
32 ýaşly futbolçy oýunda iki gezek — 8-nji we 70-nji minutlarda 11 metrlik jerime urgularyny dürs ýerine ýetirdi. 80-nji minutda oýundan üçünji goluny geçirdi. Ýatlatsak, duşuşyk türkmen klubunyň peýdasyna 4:2 hasabynda tamamlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň