Soňky habarlar

Arhiw

Hytaýda ilatly ýerlere daşary ýurtlylaryň adyny dakmak ýatyrylýar

17:2927.04.2022
0
6591
Hytaýda ilatly ýerlere daşary ýurtlylaryň adyny dakmak ýatyrylýar
Surat: google.com

Daşary döwletleriň görnükli işgärleriniň atlary Hytaýda ilatly ýerlere dakylmaz, bu barada ýurduň “Çžungo žibao” gazeti HHR-niň premýeri Li Kesýanyň bir hepde mundan öň gol çeken düzgünnamasyna esaslanyp habar berdi.

Öňdäki maý aýynyň 1-inden güýje girjek resminama görä, HHR adamzadyň öňünde bitiren hyzmatlaryna garamazdan, daşary ýurtly wekilleriň, şeýle-de daşary ýurtlaryň, şäherlerdir etraplaryň atlaryny köçelerdir ilatly ýerlere dakmak gadagan ediler.

Öň şeýle düzgünnama 1986-njy ýylda kabul edilipdir, 2014-nji ýylda geçirilen hytaý toponimlerini, ýagny ýer-ýurt atlaryny öwrenmek babatda barlaglarda ýurtda 60 müňden gowrak şäherçelerdir 400 müň obanyň atlarynyň üýtgedilendigi belli bolupdyr.

Hökümet bu tutumyň hytaý medeniýetini goramak maksady bilen edilýändigini nygtaýar. Bu barada MIR24 ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň