Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda telekeçiligi dolandyrmagyň innowasiýa çemeleşmesi boýunça seminar geçiriler

17:1127.04.2022
0
5737

2022-nji ýylyň 4-nji maýynda Aşgabatda gyzyklanma bildirýän ýolbaşçylar we hünärmenler üçin «Kärhanany dolandyrmaga döwrebap çemeleşme» atly amaly seminar geçiriler.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň resmi web saýtynda habar berlişi ýaly, seminar kärhananyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň häzirki zaman usullaryna bagyşlanyp, harajatlary azaltmak, müşderileriň islegleriniň kanagatlanmagyny ýokarlandyrmak, iş gözegçiligini gowulandyrmak, düzgün-tertibi kadalaşdyrmak, goýberilýän säwlikleriň öňüni almak, aýry-aýry hünärmenlere düşýän iş ýüküni peseltmek ýaly meseleleri nazarda tutýar.

Seminary Türkmenistanyň Söwda senagat edarasy «Netijelilik» hususy kärhanasy bilen bilelikde guraýar.

  • Geçirilýän wagty: sagat 10:00-dan 12:00-a çenli;
  • Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +99312 398890, 398895,398892;
  • Elektron poçta salgysy: ccitm.int@gmail.com.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň