Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Hytaýyň goranmak ministrleri duşuşyk geçirdiler

21:3626.04.2022
0
11045
Türkmenistanyň we Hytaýyň goranmak ministrleri duşuşyk geçirdiler
Surat: mod.gov.cn

Habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Aşgabatda saparda bolýan Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň agzasy, goranmak ministri Weý Fenheniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşyk tamamlanandan soňra Hytaý Halk Respublikasynyň goranmak ministrini Türkmenistanyň goranmak ministri Begenç Gündogdyýew kabul etdi. Resmi garşylamak dabarasy tamamlananadan soň ikitaraplaýyn resmi gepleşikler geçirildi.

Hytaý Halk Respublikasynyň goranmak ministrliginiň habar bermegine görä, taraplar gepleşikleriň dowamynda sebit we halkara derejesindäki howpsuzlyk meseleleri, ýola goýlan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Iki ýurt hem strategik hyzmatdaş bolmak bilen, dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi ugrunda öz garaýyşlaryny beýan edýär.

Ikitaraplaýyn gepleşikleriň dowamynda başga-da käbir meselelere seredildi we olar boýunça degişli ylalaşyk gazanyldy.

«Türkmenportalda» ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň mart aýynda iki ýurduň goranmak ministrleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly gepleşikler geçirilipdi. Onuň dowamynda bar bolan mümkinçiliklerden peýdalanyp, hyzmatdaşlygy häzirki döwrüň ýagdaýlaryna laýyklykda ýola goýmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşylypdy.

Şeýle-de, okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň