Arhiw

Lebap welaýatynyň Farap etrabynda sowadyjy ammarlar guruldy

20:2726.04.2022
0
6598
Lebap welaýatynyň Farap etrabynda sowadyjy ammarlar guruldy

Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň Hanoba geňeşliginiň Goýgala we Tuýgun obalarynda iki sany sowadyjy ammar guruldy. Bu barada jeyhun.news web saýtynda habar berilýär.

Täze sowadyjy desgalaryň içinde sebitiň ilatyny ýylyň dowamynda gök önümler we miweler bilen üpjün etjek 25 we 50 tonna önüm saklamaga mümkinçilik bar.

Şeýlelik bilen, şu ýylyň ýazynda Farap etrabynyň telekeçileri 80 gektar meýdana ýazlyk ýeralma, 100 gektar ýere sogan, 50 gektara pomidor, 10 gektar meýdana kelem ekdiler. Indi olaryň ýetişdiren önümlerini saklamak üçin sowadyjy ammarlary bar.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň