Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistana immunizasiýa sanjymlary getirildi

15:1426.04.2022
0
1721

2022-nji ýylyň 23-nji aprelinde ÝUNISEF-iň goldawy bilen ýörite uçarda adaty immunizasiýa üçin esasy sanjymlar ýurda getirildi. Bu şu ýylda Türkmenistanyň hökümeti bilen ÝUNISEF-iň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäginde ýurtdaky ähli çagalara sanjymlary muzdsuz etmek üçin meýilleşdirilen ilkinji tabşyrykdyr.

ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň habar bermegine görä, nobatdaky tapgyrda inçekesel anyklaýyş enjamlar, şprisler we poliomielit, gyzamyk, gyzylja, inçekesel, rotawirus, difteriýa, tetanoz toksidleri we üsgülewige garşy yzygiderli immunizasiýa üçin getirildi. Getirilen ýükler döwlet tarapyndan doly maliýeleşdirilýär.

Nobatdaky sanjymlaryň Türkmenistana getirilmegi adamlaryň saglygy we abadançylygy üçin immunizasiýa etmegiň ähmiýetini belläp geçmek üçin her ýylyň aprel aýynda bellenilýän Ýewropa immunizasiýa hepdeliginde geçirilýändigi üçin aýratyn ähmiýete eýedir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň