«Матч ТВ» «Mançester Siti» ― «Real» duşuşygyny göni ýaýlymda alyp görkezer

14:4726.04.2022
0
5503

Russiýanyň «Матч ТВ» federal sport teleýaýlymy UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalyndaky «Mançester Siti» ― «Real» duşuşygyny göni ýaýlymda tomaşaçylaryna ýetirer. Bu ýaýlyma Türkmenistanda IPTV arkaly tomaşa edip bolýandygyny ýatladýarys.

Duşuşyk Mançester şäherindäki «Etihad» stadionynda geçiriler. Ol Aşgabat wagty bilen şu gije sagat 23:55-de başlanar.

Ýarym finalyň ikinji duşuşygynda «Liwerpul» «Wilýarrealy» kabul eder.

Jogap duşuşyklary 3-nji we 4-nji maýda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň