Türkmenistanda harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edildi

11:4726.04.2022
0
1261

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär.

Bäsleşik 2022-nji ýylyň 12-nji maýynda geçirilýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalary, harytlary (işleri, hyzmatlary) üpjün etmek boýunça şertler, möçberler we beýleki materiallar baradaky maglumatlary Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde döredilen bäsleşik toparyndan ýüztutmalar esasynda alyp bolýar.

Türkmenistanyň Adalat, Içer işler, Goranmak, Maliýe we ykdysadyýet, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň, Döwlet serhet, Döwlet gümrük gulluklarynyň, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýa agentliginiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň iş dolandyryş müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň, Ýokary kazyýetiniň, Statistika baradaky, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetleriniň, Hazar deňzi institutynyň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugynyň, Ahal, Daşoguz we Mary welaýat häkimlikleriniň, şeýle-de degişli döwlet edaralarynyň lotlar bilen harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça yglan eden bäsleşigi baradaky anyk maglumat bilen «Türkmenistan» gazetiniň şu günki, ýagny 26-njy apreldäki sanynda tanşyp bilersiňiz.

  • Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 39-46-39, 39-46-38, 39-46-32.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň