Hindistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine hat ýollady

22:3823.04.2022
0
6154

Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlag ýollady. Gutlagda, hususan-da, şeýle ýazylýar:

«Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň dostlukly halkyna Hindistan bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar taryhy we siwilizasion baglanyşygy bilen tapawutlanýar. Biz hyzmatdaşlygymyzy köp ugurlar boýunça, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň we köptaraplaýyn forumlaryň çäklerinde üstünlikli ösdürýäris. Munuň özi uly ähmiýete eýedir.

Siziň ýurduňyza ýaňy-ýakynda amala aşyran saparymy iň ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Şol saparyň dowamynda biz halklarymyzyň bähbidine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň hem-de pugtalandyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdyk.

Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk we rowaçlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa ösüş hem-de abadançylyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size belent sarpa goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň