Soňky habarlar

Arhiw

BSGG koronawirus ýokanjyna garşy niýetlenen Paxlovid dermanyny tassyklady

19:0923.04.2022
0
6537
BSGG koronawirus ýokanjyna garşy niýetlenen Paxlovid dermanyny tassyklady
Surat: traid24.com

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy COVID-19 ýokanjyna garşy taýýarlanan Paxlovid derman serişdesini tassyklady. «Pfizer» kompaniýasy tarapyndan hödürlenýän bu derman serişdesi gerdejik görnüşinde öndüriler. Kommersant neşiriniň habar bermegine görä, BSGG derman serişdesini ýeňil hem-de hassahanada bejergi almak ýagdaýly COVID-19 ýokanjy bolan adamlara kabul etmegi maslahat berýär. Bu barada BSGG Paxlovid dermanynyň häzirlikçe töwekgelçilikli topara degişli hassalar üçin iň oňat terapewtik serişdesi bolup hyzmat etjekdigini belläp geçýär.

BSGG bu topara COVID-19 sanjymyny almadyk gartaşan, immuniteti pes adamlary goşýar. Neşirde bellenilişi ýaly, ozal Paxlovid dermany ABŞ-nyň we Ýewropanyň kadalaşdyryjy hünärmenleri tarapyndan tassyklanyldy, mart aýynda bolsa ÝUNISEF we «Pfeizer» kompaniýasy pes we orta derejeli girdejili ýurtlar üçin bu derman serişdesini hödürlemegiň maksatnamasyny mälim etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň