Soňky habarlar

Arhiw

Aziýanyň Kubogy-2019-yň final bölegi BAE-de geçiriler

17:3710.03.2015
0
2811

Aşgabat, 10.03.2015. “Türkmenportal”.

Aziýanyň Kubogy-2019-yň final bölegi Birleşen Arap Emirlikleriniň futbol meýdançalarynda geçiriler. Duşenbe güni Manamada (Bahreýn) bolan AFK-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň maslahatynda şeýle netijä gelindi diýlip, AFK-nyň resmi saýtynda habar berilýär.

Aziýanyň Kubogy-2015-iň Awstraliýada geçirilendigini ýatladýarys. Ýer eýeleri finalda Koreýa Respublikasynyň toparyny 2:1 hasabynda ýeňip, Kubogyň eýesi bolupdy.

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň 2019-njy ýylyň Aziýa Kubogy ugrundaky saýlama bölekdäki garşydaşlary 11-nji aprelde geçiriljek bije arkaly mälim ediler.

Mälim bolşy ýaly, Aziýanyň futbol konfederasiýasy Aziýanyň Kubogy-2019-a gatnaşjak toparlaryň sanyny artdyrmak kararyna geldi. Şonuň üçinem şu ýyl Awstraliýada bolşy ýaly 16 däl-de, gelejekde 24 topar final bölekde güýç synanyşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň