Türkmenistanyň Maliýe gözegçiligi gullugy jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejilere garşy göreşi güýçlendirer

23:1922.04.2022
0
9113

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugy jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek ulgamyny kämilleşdirmek boýunça degişli işleri alyp barýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary M.Muhammedow Prezident Serdar Berdimuhamedowa Hökümetiň şu günki sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda hasabat berdi.

«Watan» habarlar gepleşiginiň habar berlişi ýaly, wise-premýer M.Muhammedowyň hasabatynda bellemegine görä, “Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine laýyklykda, ýurduň degişli halkara şertnamalardan gelip çykýan wezipelerini üstünlikli çözmek maksady bilen, bu ulgamda ygtyýarly döwlet edarasy bolan Maliýe gözegçiligi gullugynyň Düzgünnamasynyň taslamasy rejelenen görnüşde işlenip taýýarlanyldy.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmegiň milli ulgamynyň binýatlaýyn esaslaryny pugtalandyrmak, bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn işleri alyp barmagyň möhümdigini belläp, bu işde Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugyna esasy ornuň degişlidigini nygtady we wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Belläp geçsek, Maliýe gözegçiligi gullugy 2018-nji ýylyň oktýabr aýynda döredildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň