Serdar Berdimuhamedow Ahalteke atçylyk toplumyndaky baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy

12:2323.04.2022
0
9547
Serdar Berdimuhamedow Ahalteke atçylyk toplumyndaky baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün — 23-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Onuň çäklerinde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry hem-de ahalteke bedewleriniň gözelligini sungat eserlerinde çeper beýan etmek boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

«Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berlişi ýaly, Atçylyk toplumynyň esasy girelgesiniň öňündäki meýdançada döwlet Baştutanymyzy Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary garşyladylar. Bu ýerde medeniýet we sungat ussatlary ajaýyp çykyşlary ýerine ýetirdiler.

Çäräniň başynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowa sowgat hökmünde Türkmenistanyň welaýatlarynyň ýaşaýjylarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ähli atşynaslaryň adyndan naýbaşy ahalteke bedewleri hem-de olaryň şahadatnamalary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Soňra bu ýerde bedew muşdaklarynyň arasynda uly meşhurlyk gazanan «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Bir sagat çemesi dowam eden gözden geçiriliş tamamlanandan soň, bedewleriň halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de olaryň gözelligini sungat eserlerinde çeper beýan etmek boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Ýeňijilere Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar we şahadatnamalar gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň