Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

“Sewastopol ugrundaky söweş” filmi bütin dünýädäki ilkinji görkeziliş güni. “Berkararda” tomaşaçylara hödürlener

16:2810.03.2015
0
7699

Aşgabat, 10.03.2015. “Türkmenportal”.

2015-nji ýylyň 2-nji aprelinde, Beýik Ýeňşiň 70 ýyllygy mynasybetli “Sewastopol ugrundaky söweş” filminiň bütin dünýädäki ilkinji görkeziliş gününde Aşgabadyň “Berkarar” söwda-dynç alyş merkeziniň kinoteatrynda bu film tomaşaçylara hödürleniler.

Bu taryhy drama belli mergen zenan Lýudmila Pawliçenkonyň durmuşyndan gürrüň berýär. Filmde 1937-1957-nji ýyllar aralygyndaky waka beýan edilýär. Uruş, Kiýewiň döwlet uniwersitetiniň aspiranty Lýudmilany Odessada tejribelik geçip ýörkä başlaýar. Ol Çapaýew atyjylar diwiziýasynda söweş ýoluna Moldawiýadan başlap, Odessanyň—Sewastopolyň goranyşyna gatnaşýar. Faşist mergenlerine garşy durmakda Lýudmila köp sanly şahsy ýeňiş gazanýar. Sewastopolyň synmagyna sähelçe gün galanda ýaralanyp şäheri terk edýär.

Filmde göze gelüwli sahnalardan başga-da, gahrymanlaryň çekýän hasraty, söýgi hesreti uly orun eýeleýär.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň