Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmen aýna önümleri» kärhanasynyň çäginde goşmaça önümhana gurlar

22:5822.04.2022
0
8488

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow Prezident Serdar Berdimuhamedowa 22-nji aprelde sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümetiň iş maslahatynda Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan senagaty ösdürmek boýunça göz öňünde tutulan çäreleri durmuşa geçirmek, ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksporta niýetlenen harytlaryň önümçiligini ýola goýmak üçin önümçilikleri gurmak babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, 2020 — 2023-nji ýyllarda senagat we önümçilik desgalaryny gurmak hakynda Karara laýyklykda, 11 desgany gurmak göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda olaryň birnäçesinde degişli işler alnyp barylýar. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynyň çäginde bir gije-gündiziň dowamynda 100 tonna çüýşe önümlerini öndürýän goşmaça önümhanany gurmak boýunça bäsleşik geçirildi. Onuň netijeleri boýunça «Rysgally zähmet» hususy kärhanasynyň teklibi saýlanyp alyndy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklipler hödürlenildi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, Türkmenistanda ýurduň sarp edijilerini zerur bolan, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümler bilen doly üpjün etmäge ukyply gurluşyk senagatyny kemala getirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow pudagyň kuwwatyny yzygiderli pugtalandyrmagyň hem-de zerur gurluşyk serişdeleriniň, şol sanda aýna önümleriniň öndürilişini artdyrmagyň möhümdigini nygtap, bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmegi we öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmäge örän jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň