Arhiw

Täjigistandan sozulan we guýma alýuminler satyn alnar

22:3022.04.2022
0
6384
Täjigistandan sozulan we guýma alýuminler satyn alnar

Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmek, gaýtadan işleýän senagat önümçiliklerini innowasion esasda ýola goýmak, içerki bazarlary daşary ýurtlarda öndürilýän harytlaryň ornuny tutýan harytlar bilen bolelin üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, resminama laýyklykda, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Nebitmaş» döwlet kärhanasyna önümçilik işlerinde zerur bolan 7 müň tonna sozulan alýumini hem-de 3 müň tonna guýma alýumin taýynçlaryny satyn almak barada Täjigistan Respublikasynyň «Таджикская Алюминиевая Компания» (TALCO) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen şertnamalary tapgyrlaýyn baglaşmaga ygtyýar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň