Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň daşary işler ministri «Merkezi Aziýa + Russiýa» forumyna gatnaşar

19:1521.04.2022
0
8866

Nobatdaky duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygy saklamak, terrorçylyga we ekstremizme garşy bilelikde göreşmek meseleleri, şeýle hem Owganystandaky çylşyrymly ýagdaý ara alnyp maslahatlaşylar.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat gullugynyň habaryna görä, Russiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy 22-nji aprelde wideoaragatnaşyk arkaly geçiriler.

Ministrler ulag, energetika, arassaçylyk we milli howpsuzlyk ýaly ugurlarda özara gyzyklanma döredýän sowallar boýunça hem pikir alşarlar, şeýle-de olar boýunça ýola goýlan gatnaşyklaryň geljegine serederler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň