Soňky habarlar

Arhiw

Üçemleriň ilkinji baýramy

23:3309.03.2015
0
13110

Aşgabat, 10.03.2015. “Türkmenportal”.

Başsaka şäherçesiniň ýaşaýjysy Nigara Halimowanyň öňem üç çagasy: sekiz ýaşly Rozasy, alty ýaşly Şatlygy we dördüni dolduran Maýsasy bardy. 2014-nji ýylyň 24-nji noýabrynda bu maşgala ýene üç çaga goşuldy — üçemler dünýä indi. Bu barada “turkmenistan.gov.tm” saýty habar berýär.

Umumy geňeş etmeden soň, üçemlere Leýli, Selbi we Näzli diýip şahyrana at berdiler.

Baharyň şu ajap çagynda Nigara Halimowa we onuň gyzlary köp sanly gutlaglary Kabul etdiler.

Düýn bu maşgala Kärdeşler arkalaşygynyň etrap birleşiginiň başlygy Perhat Halmyradow gelip, üçemlere, olaryň ejesine sowgat gowşurdy we olary Halkara zenanlar güni bilen gutlady.

Gepiň gerdişine görä aýtsak, üçemleriň dünýä inmegi gözbaşyny Amyderýadan alyp gaýdýan Amy-Bahar kölüniň golaýynda ýerleşýän Başsaka şäherçesi üçin täzelikdir.

Umuman aýdylanda Farap etrabynda 2013-nji we 2014-nji ýyllarda iki maşgalada birbada üç, otuz bir maşgalada bolsa ekiz çaga dünýä indi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň