Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistandan Russiýa barýan syýahatçylardan ýene 6 aý «COVID-19-syz syýahat» programmasy talap edilmez

09:0821.04.2022
0
14808

Türkmenistandan Russiýa federasiiýasyna barýan syýahatçylar şu ýylyň 15-nji oktýabryna çenli «COVID-19-syz syýahat» taslamasynyň çäginde döredilen programmany peýdalanman hem baryp bilerler. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berdi.

Çeşme türkmenistanly syýahatçylar üçin soňky 48 sagadyň içinde keseliň alamatlarynyň ýüze çykmandygy baradaky kepilnamanyň ýeterlik boljakdygyny ýazýar.

Ozal türkmenistanlylar 15-nji aprele çenli ýörite programmasyz Russiýa baryp bilýärdiler. Indi bolsa onuň möhleti ýene 6 aý uzaldyldy.

Käbir döwletleriň wekilleriniň Russiýa barmagy üçin bu programmanyň hökmanydygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň