Soňky habarlar

Arhiw

Italiýanyň demirgazygynda tokaý ýangynlary tutaşýar

12:0020.04.2022
0
3589
Italiýanyň demirgazygynda tokaý ýangynlary tutaşýar
Surat: dw.com

Italiýanyň demirgazygynda tokaý ýangynlary möwç alýar, olar käbir sebitlerde eýýäm birnäçe hepdedir köşeşmeýär.

Ajaýyp Lago-Majore kölüniň kenarýakalarynda güýçli şemal zerarly ýangynlar sözüň doly manysynda gektar yzyna gektary ýuwdup-ýalmap barýar. Halas edijiler ody howadan dikuçarlar arkaly söndürmek isleýärler, emma ýangyn ýan bererli däl.

Birnäçe maşgalalary ýangyn howply zolaklardan göçürmeli boldy, ýagdaýy gurak howa has-da ýaramazlaşdyrýar, golaý günlerde ýagyn ýagmaz diýip çaklaýarlar, şonuň üçin täze ýangyn ojaklarynyň döremek howpy ýokary. Bu barada MIR24 ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň