Aşgabatda 200 manada “Toýota Camry”edinip bolýar

03:4909.03.2015
1
69753

Aşgabat, 09.03.2015. “Türkmenportal”.

“Berkarar” söwda-dynç alyş merkezinde “Toýota Camry” awtomobiliniň oýnalyş çäresi geçirildi. Ol “Kämil Market” supermarketi tarapyndan guraldy.

Lotoreýa oýnuna gatnaşmak üçin 01.02.2015 — 28.02.2015 aralygynda bir gezeklik 200 we ondan hem artyk manatlyk söwda etmek hökmany bolup durýardy.

Çärä jemi 14 müň lotoreýa bileti gatnaşdy.

Netijede Aşgabat şäheriniň 7-nji orta mekdebiniň 16 ýaşly okuwçysy Gurban Pelläýewiň bileti ýeňiji boldy.

Guramaçylaryň aýtmagyna görä, “Kämil Market” gelejekde hem şeýle çäreler bilen müşderilerini begendirip durmagy göz öňünde tutýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň