Arhiw

«Şabab Al-Ahli» «Al-Garafanyň» derwezesinden sekiz pökgi geçirdi

05:0019.04.2022
0
3574

AFK-nyň Çempionlar ligasynyň 4-nji tapgyrynda BAE-niň «Şabab Al-Ahli» topary Kataryň «Al-Garafasyny» uly hasap bilen ýeňdi. Jidda şäherindäki "Şazada Abdulla Al-Faýsal adyndaky" stadionda geçirilen duşuşyk BAE toparynyň 8:2 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Duşuşykda ýeňiji toparyň gollaryny Tomas Lene Olsen (14, 90), Hareb Abdulla (42), Aziz Ganiýew (50, 83), Federiko Kartabýa (51), Mohamed Juma Eýd (66) we Abelaziz Sankur (78) dagylar geçirdi. «Al-Garafa» bolsa bu gollara Ahmed Alaaeldiniň 16-njy, Sofýan Hanniniň 59-njy (P) minutda geçiren gollary bilen jogap berip bildi.

Şu tapgyra çenli «C» toparçanyň başyny çeken «Al-Garafanyň» şeýle uly hasap bilen ýeňilmegine hiç kim garaşmandy.

Toparçanyň ugurdaş duşuşygynda «Ahalyň» Eýranyň «Fuladyndan» 0:1 hasabynda ýeňlendigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň