“Çarwa durmuşynyň sapaklary»

02:5309.03.2015
0
2963

Aşgabat, 09.03.2015. «Türkmenportal».

Mirasy öwreniji, ussat keşdeçi we halyçy Ogulbaýram Kulyýewanyň “Çarwa durmuşynyň sapaklary» atly täze kitaby okyjylara gowuşdy.

Bu kitapda Ogulbaýram  Kulyýewanyň köp ýyllyk gözlegleri netijesinde halkymyzyň çarwa durmuşynyň täsin dünýäsi şahyrana setirlerde çeper suratlandyrylýar.

Uzak asyrlaryň dowamynda halkymyzyň durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolan çarwaçylyk barada sada dilde söhbet açýan kitapda türkmen zenanlarynyň milli tagamlary, süýt önümlerini taýýarlanyşy hem beýan edilýär.

“Ylym» neşirýaty tarapyndan neşir edilen bu kitap milli mirasymyzy, şeýle-de halk döredijiligimizi öwrenýänlerde uly gyzyklanma döreder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň