Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigi geçirildi, COVID-a garşy sanjym epidemiki görkezijiler boýunça sanjymlaryň sanawyna girizildi, Döwlet hyzmatlary saýtynda onlaýn töleg mümkinçiligi döredildi we beýleki täzelikler

10:3619.04.2022
0
6876

1. Türkmenistanda Ahalteke bedewiniň baýramy mynasybetli gözellik bäsleşigi we sergi geçirildi.

2. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi COVID-19-a garşy sanjymy epidemiki görkezijiler boýunça öňüni alyş sanjymlarynyň sanawyna goşdy.

3. Türkmenistanda döwlet hyzmatlarynyň resmi internet-portaly e.gov.tm töleg hyzmatynyň funksiýalaryny artdyrdy. Indi aragatnaşyk we kommunal hyzmatlary üçin Altyn Asyr bank kartlary arkaly onlaýn töleg geçirmek mümkinçiligi ulanyjylara elýeterli boldy.

4. Bereketli HJ delikatesleriniň görnüşlerini artdyrdy. Täze önümleriň hatarynda kakadylan towuk, towuk ruledi, goýun gapyrga we bud, Hemdem kakadylan döş, Nygmat karbonaty we beýlekiler bar.

5. «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy «Çapar» mobil priloženiýasynyň täze görnüşini çykardy we şäheriçi eltip bermek hyzmatynyň nyrhyny 50% arzanlatdy.

6. 23-nji aprelde Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň işgärleriniň we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzasynyň gatnaşmaklarynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler. Kabul edişlik Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 150-nji jaýynda, ýagny Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda sagat 09:30-dan 12:00-a çenli geçirilýär.

7. Duşenbe güni geçirilen Hökümet maslahatynyň barşynda Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň häkimi Rahym Gandymowa söwda nokatlarynda ilata hyzmatyň derejesini ýokarlandyrmagy tabşyrdy. Şeýle hem ýollary döwrebaplaşdyrmak we türkmen paýtagtynda ýaşyl zolaklary döretmek işini öz wagtynda ýerine ýetirmek tabşyryldy.

8. 30-njy aprelde 18:00-da Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly zalynda klassyky saz agşamy geçiriler. Konserte isleg bildirýänleriň ählisi gatnaşyp biler. Giriş tölegsiz.

9. Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy 2022-nji ýylyň başyndan bäri ýangyçlaryň täze görnüşlerini öndürdi. Olaryň hatarynda deňiz gämileri üçin dizel ýangyçlary, A-98 awtobenzini we Jet A1 kysymly awiasion kerosin bar.

10. Ýaponiýada auksionda gök çaýyň ýapraklarynyň elde towlanan tapgyrynyň bir kilogramy rekord baha — 15 müň amerikan dollaryna satyldy.

11. Mett Riwziň «Betmen» filmi dünýä prokatynda 750 mln dollar belgiden geçdi. «Gara rysaryň» täze taryhynda Robert Pattinson, Zoi Krawis, Kolin Farrel we Pol Dano surata düşdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň