Aşgabat, 09.03.2015. “Türkmenportal”.
BMG-niň Ilat gaznasynyň täze “Ýaşlyk” web-taslamasy ösüş ýoluny dowam etdirýär.
Geçen hepdede ady agzalan gazna “Ýaşlyk” web-saýty üçin (http://www.unfpa.org.tm) materiallary we makalalary işläp taýýarlamak boýunça maslahatçynyň ornuna bäsleşik yglan etdi.
“Ýaşlyk” — bu ýetginjeklere goldaw bermegiň aralyk saýtydyr.
Saýtda rus we türkmen dillerinde ýetginjekleriň arasyndaky gatnaşyklara, ene-atalar bilen özara gatnaşyklara, şahsy gigiena, kämillik ýaşyna ýetmäge, psihologiýa we beýleki meselelere degişli dürli temalarda makalalar çap edilýär.
Saýtda hatda ýetginjegiň ene-atasyna aýtmaga ýaýdanýan düýbünden şahsy häsiýetli temalar-da bar.
Saýtdaky habarlar has irnik meseleler boýunça sowallar görnüşinde hem hödürlenilýär.
UNFPA ynam telefonlaryny ýola goýdy (Aşgabatda 93-80-93, Maryda 4-66-15). Olar arkaly professional psihologlar we ginekologlar bilen gizlin maslahatlaşmagy amala aşyryp bolar.
Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasy indi birnäçe ýyl bäri Türkmenistanda iş alyp barýar.