Türkmenistanyň Prezidenti Kanadanyň General-gubernatoryny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

22:2817.04.2022
0
5618

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kanadanyň General-gubernatory hanym Meri Meý Saýmona ýurtlaryň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde bellenilişi ýaly, Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildiýändigini» nygtady. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutany ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga we özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalar esasynda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirildi.

Pursatdan peýdalanyp, Serdar Berdimuhamedow Kanadanyň General-gubernatory hanym Meri Meý Saýmona berk jan saglyk, bagtyýarlyk we rowaçlyk, Kanadanyň halkyna bolsa ösüş hem-de abadançylyk arzuw etdi.

Belläp geçsek, Türkmenistan bilen Kanadanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 17-nji aprelinde ýola goýuldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň